SlideShare ist ein Scribd-Unternehmen logo
1 von 37
Multimediýa düşünjesi.
“Mutimediýa” terminy ilkinji gezek 1965-nji ýylda döredi we dürli
görnüşli we şekilli (slaýdlar, kino, wideo, audio parçalary, yşykly
effektler we janly saz) maglumaty görkezmek üçin ulanýan, şol wagt
üçin üýtgeşik geň bolan sahnalaşdyrylan tomaşalary (şou)
şekillendirmek üçin ýetmişinji ýyllaryň aýaklaryna çenli işjeň
ulanyldy. 70-nji ýyllaryň aýaklarynda we 80-nji ýyllaryň başynda
multimedia birnäçe proýektorlardan sesli we janly sazly bolýan statiki
we dinamiki şekillerinde esaslanan görkezmeler diýip düşünýädiler.
“Mutimediýa” terminy (lat. Multum + Medium) türkmen diline
“köp gurşawlar” ýaly terjime edip bolýar (kämahal köp ýaýradyjylar
ýaly terjime edilýär).
Mutimediýa - bu:
 dürli görnüşli maglumaty taýyn etme serişdelerini işläp taýýarlamak, işlemek we
ulanmak tertibini şekillendirýän tehnologiýasy;
 dürli görnüşli maglumaty taýyn etmek we görkezmek tehnologiýalaryň esasynda
döredilen maglumat çeşmesi;
 işlemegi dürli görnüşli maglumaty görkezmek we taýyn etmek bilen bagly bolan
kompýuter programma üpjünçiligi;
 dürli görnüşli maglumat bilen işlemesi mümkin bolýan kompýuter apparat
üpjünçiligi;
 milli statiki wizual (tekst, grafika), şeýle hem dinamiki (söz, saz, wideo parçalar,
animasiýa we ş.m.) ýaly dürli görnüşli maglumaty öz içine alýan maglumatyň
ýörite jemleýji görnüşi.
Şeýlelikde, “mutimediýa” terminy giň
manysynda ulanyja (birden hem okaýjy,
hem diňleýji, hem tomaşaçy bolan) has
netijeli täsir etme maksady bilen dürli
programma we tehniki serişdeleri ulanýan
maglumat tehnologiýalaryň spektrini
aňladýar.
Multimedia sözi harpma-harp terjime edilende ulanyja maglumaty
ýetirmekligiň köp serişdesi diýmekligi aňladýar. Häzirki günde kompýuterleri
multimedia serişdesiz beýle bir wajyp zat hasap edilmeýär. Köp adam şu
serişdelere öz durmuşyny ertekä öwürýän serişde hökmünde seredýär. Bu bir
çişirilme diýsekde, kä wagt hakykatdanda şeýle bolýar. Multimedia adalgasy
kompýuter ulgamyny , onuň grafiki, ses we beýleki informasiýa mümkinçiligini
häsiýetlendirmek üçin ulanylýar. Bu sintez we maglumatlary gaýtadan işlemek
häzirki döwürde wagtyň real pursatynda, ýagny ulanyjynyň wagtyny duýarlyk
almazdan amala aşyrýar. Multimediýanyň gülläp ösmegi 90-njy ýyllaryň ortalary
bolup, Pentium ulgamynda çaltlyk we uly ýat üpjün edilenden soň başlandy,
hususanda CD-ROM kompakt disklere uly göwrümli informasiýalary ýazmak we
ulanyp bilinmegi boldy.
Şol wagta çenli kompýuter serişdesini ylym-bilim, sungat
maksatly ulanmak, adaty serişdelere garanyňda göz öňüne
getirer ýalyda däldi. Häzirki döwürde welin multimedia
serişdesi köp maksat üçin ulanylýar. Hakykaty immitirlemek
dialog režimde bolýanlygy düýpli zat. Ulanyjy hemişe
programma bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçiligi bar.
Islendik pursatda zerur informasiýany sorap alyp bilýär, ony
özüne amatly görnüşde özgerdip bilýär, şeýle hem
programmadan ulanyjynyň hereketleriniň dogrylygy barada
baha alyp bilýär.
Multimedianyň ulgamynyň dialog mümkinçiliginiň ösmegi okuw
kitaplarynyň, ensiklopediýalaryň, atlaslaryň, žurnallaryň, «janly suratly»
we sesli çeper edebiýatlaryň döremegine getirdi. Kompýuter – janly
mugallymdan tapawutlylykda okuwçynyň ýalňyşlygyny näçe bolsada
çydap düzedip bilýär. Şeýle düzedişleri daşary ýurt dillerini
öwrenilende-de, fiziki modellerde ýalňyşlyklary düzetmekde-de
ýadamaýar. Köp adam sungat eserlerini döretmekde multimedia
serişdesini has gyzykly hasap edýär. Häzirki döwürde täze öwrenje hem
kompýuteriň kömegi bilen suratlary, saz eserlerini, şeýle-de
wideofilmleriň sýužetini üýtgedip biler.
Eýýäm häzirki wagtda kompýuter bir mahal aradan çykan
aýdymçynyň sesi we hereketleri bilen häzirki zaman
aýdymlary aýdyp bilýär. Munyň özi bolsa hünärmenleriň
arasynda, mediasöýüjileriň arasynda uly jedel döredýär.
Multimediýa tehnologiýasynyň has giň ýaýran ugry –
wirtual hakykylykdyr.
Wirtual hakykylyk – ol mümkin däl dünýä barada
adamlaryň maglumat almagydyr. Şeýle real däl dünýäniň
modelirlenmegi häzirki zaman kompýuterler bilen ýerine
ýetirilýär.
Kompýuter serişdesi şeýle bir doly görnüşleri, sesleri we beýleki
duýgylary emele getirýär welin ulanyjy hakyky dünýäni unudyp,
hyýaly dünýä höwesli çümýär. Wirtual hakykylykda erkin
gezmelemek, şeýlede şol hakykylyga täsiriň ýetirip bilmeklik aýratyn
netijeli bolýar.
Sadaja we haýal ýadadýan hyýaly hakykylyk kompýuteriň ekrany
arkaly amala aşyrylyp, şol ekranda hem görüp bolýar. Şonda wirtual
dünýä täsiriňi ýetirmek we orunňy üýtgetmek adatça synçanyň,
djoýstikiň we klawiaturanyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ýörite
ýasalan örän gymmat bahaly kellä geýilýän şlem-displeý hyýaly
dünýä has çuň we doly aralaşdyryp, ol adamy hakyky dünýäniň
täsirinden oňat çetleşdirýär.
Multimedia arzanja aralaşmak üçin şekilleri göwrümde
görkezýän dürli aýnaly äýnekleri ulanmak bolar. Ýöne şeýle
usul reňkleriň gammasyny berenok. Hyýaly wirtual dünýä
aralaşmagyň goşmaça serişdesi – ol hem ýörite informasion
ellikdir. Ol wirtual dünýäniň jisimlerini «elläp» görmäge
mümkinçilik döredýär. Şonda amatly bolar ýaly kompýuteri
dolandyrmakda adaty klawiaturanyň ýerine ulanyjy bir ele
niýetlenen ýörite pulty ulanýar. Şeýle serişdeler real dünýäde
senden gaty daşdaky adamy elläp görmäge mümkinçilik
berýär.
Häzirki döwürde öňdebaryjy firmalar adam interfeýsli kompýuteri
döretmäge has berk tijenýärler. Oňa şeýle düşünilýär, ýagny
kompýuter adamyň ahli duýgyr beden agzalaryna eýe bolmaly, şeýlede
şol beden agzalaryna täsir edip bilmeli. Häzirki zaman kompýuter
ulgamlary köplenç ýagdaýda şekilleri we sesleri oňat seljerýär hem-de
sintezleýär. Çünki onuň eşidişi we görüşi otnositel derejededir.
Kompýuter syçany we beýleki gurluşlar baglaşdyryjy immitasiýa
hasap etmek bolar. Ýakyn gelejekdäki ýyllarda şahsy kompýuterler
yslar we mehanizmi ysa golaý bolan tagam duýujylyk başarnygy bolar
diýip çak edilýär.
Ýöne köp düzüjilerden ybarat bolan multimedia giňişligini üç topara
bölmek maksada laýyk bolardy. Olar audio, wideo, tekst
informasiýasydyr.
“Multimedia” düşünjesi golaý wagtyň dowamynda peýda bolup, şu
günki günde takyk kesgitlemesine eýe bolmady. Bu düşünjäniň esasy
manysy – bu düşünmekligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen
maglumaty beýan etmekliginiň dürli görnüşlerini ulanmakdyr.
Ondan başga-da, bu düşünjäniň düzümine ulanyjynyň maglumaty
diňe adaty passiw gözden geçirmeklik däl-de, eýsem ulanyjynyň
maglumat akymyny dolandyrmak mümkinçiligi hem degişlidir.
Maglumatyň “multimedia” görnüşli beýan edilişini häsiýetlendirýän 6 sany
komponentler tapawutlandyrylýar.
Adaty çeper filmlerde hem bu serişdeleriň ählisi ulanylýar. Emma,
kompýuter multimedia-programmasy iki sany görkeziji boýunça tapawutlanýar.
Ulanyjynyň maglumat akymyny dolandyrmaklyga mümkinçiligi bar –
obýektleriň kompýuter monitorynda beýan ediliş we hereket ediş kadalaryny
saýlap bilýär. Bu amallary çeper filmler seredilende ýerine ýetirip bolmaýar.
Multimedia programmalaryň bu häsiýeti interaktiwlilik (iňlis “interaction” –
özara baglanyşyk) diýip atlandyrylýar. Ondan başga-da, çeper filmi döretmek
üçin kompýuter programmasyny döretmekden has köp maddy serişdeler sarp
edilýär. Bu hem örän wajyp görekezijidir.
Multimedianyň iki görnüşi bar: çyzykly we çyzykly däl.
Çyzykly beýan edilişiň mysaly bolup dürli görnüşli filmler hyzmat edýär.
Bular ýaly resminamalary gözden geçirýän adam onuň netijesine hiç hili täsir
edip bilmeýär.
Maglumatlary beýan etmekligiň çyzykly däl görnüşi maglumaty beýan etmek
prosesine gatnaşmaklyga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçiligi ulanmak üçin
ulanyjy multimedia görnüşli berlenleri beýan etmekligiň serişdelerini ulanmaly
bolýar. Ulanyjynyň multimedia berlenleri beýan etmek prosesine gatnaşmaklyga
hem interaktiwlilik diýilýär. Kompýuteriň we ulanyjynyň arabaglanyşygynyň
bular ýaly görnüşi kompýuter oýunlarynda has aýdyň beýan edilýär. Multimedia
berlenleri beýan etmekliginiň çyzykly däl görnüşi gipermedia diýip
atlandyrylýar.
Maglumatlaryň çyzykly we çyzykly däl beýan edilişiň mysaly
hökmünde prezentasiýany görkezmek bolýar. Eger prezentasiýa
ýazga düşürilen we köpçülikde görkezilýän bolsa, berlenleri beýan
etmekligiň bu görnüşinde diňleýjiler görkezişe täsir edip bilmeýärler.
Hakyky wagtyň dowamyndaky (janly) prezentasiýada bolsa,
diňleýjiler gyzyklandyrýan temalar barada soraglary berip, gürrüň
berýän adam bilen arabaglanyşyk saklap bilýärler. Şeýlelikde, janly
prezentasiýa maglumatlary beýan etmekliginiň çyzykly däl
(interaktiw) usuly hökmünde ulanylyp bilner.
Multimedianyň ulanylýan ýerleri.
1. Kompýter tilsimatyny ulanyp bilim almak (Ýörite derňewler arkaly subut
edilen, ýagny eşidilen maglumatlardan diňe dörtden bir bölegi ýatda galyar,
görülenlerden – üçden bir bölegi, hem görülen we hem eşidilen
maglumatlaryň bileliginde – 50%, emma okuwçyny okuw prosessine
multimedia goşmaçalarynyň kömegi bilen höweslendirseň – 75%).
2. Informasion reklama gullugy.
3. Oýunlar, wirtual hakykadyň ulgamlary.
Multimedia tilsimatyny iki sany esasy komponentler düzýär – apparat we
programma.
Multimedia programmalary köp ugurlarda ulanylýar adam işjeňligi.
 Bilim - metbugat bilimi (wirtual uniwersitetler, distansion okuw ulgamy (DL),
kurslar). • Senagat (awiasiýa, awtoulag, gämi gurluşygy, kibernetika we ş.m.),
esasanam mehaniki we awtoulag pudagynda, multimediýa ilkinji nobatda dizaýn
etabynda ulanylýar. Bu, meselem, inereneriň önümi dürli nukdaýnazardan
görmegine, önümçilige başlamazdan ozal beýleki manipulýasiýalary ýerine
ýetirmegine (kompýuter kömegi bilen dizaýn) mümkinçilik berýär.
 Ykdysadyýet (dolandyryş ulgamlary). • Lukmançylyk (anyklaýyş, bejermek)
multimediýasy hirurglary taýýarlamakda (wirtual hirurgiýa) ulanylýar. •
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (wirtual studiýa, sanly we analog
telewideniýe, radio, teletext, internet). • Söwda (mahabat, wirtual kärhanalar,
kiosklar we supermarketler). Multimedia tehnologiýasynyň mümkinçilikleri
tükeniksiz. Işewürlik programmalarynda multimediýa esasan okuw we
prezentasiýa üçin ulanylýar. Işewürlikde satuw firmasy gozgalmaýan emläkler
satlyk jaýlaryň kataloglaryny döretmek üçin eýýäm multimediýa tehnologiýasyny
ulanýarlar.
 Harby nyşanalar (kosmos, awiasiýa, gämiler, tanklar, ştab-kwartiralar we
simulýatorlar). Tehnologiki multimediýa harbylaryň ünsüni özüne çekýär.
Şeýlelik bilen, Pentagon ähli ýarag ulgamlary üçin ähli tehniki, amaly we
okuw resminamalaryny interaktiw wideo disklere geçirmek, şeýle diskleriň
esasynda simulýatorlary döretmek we köpçülikleýin ulanmak programmasyny
durmuşa geçirýär. • Ylym (dürli prosesleriň modelleri). • Medeniýet we sungat
(kino, muzeýler, wirtual adamlar we zatlar, ensiklopediýalar). Sungatda
multimediýanyň iň görnükli mysallary filmlerde, kompýuter animasiýasynda
we 3D grafikada aýratyn täsirlerdir.
Oýunlar (güýmenje, dynç alyş, syýahatçylyk, tanyşlyk). • Sahypany ösdürmek,
iň meşhur ulanyş ugry
Mutimediýa serişdeleri
Multimediýa serişdeleriniň kesgitlenmegine görnüş
taýdan çemeleşme bu hakykatda, dürli görnüşli
maglumatyň işiniň başga görnüşlerini hem
öwrenmä getirip bilýän her bir serişdeler bolup
biler. Şu ýagdaýda multimedia serişdeleriniň
düşünjesine milli bolan könelýän meňzeş (analog)
serişdeleri hem girip bilýär.
Emma esasan hem multimediýa serişdelerine kompýuterlar
we olaryň degişli periferiýa enjamlary degişli edilýär.
Kompýuter bu maglumaty taýyn etme boýunça uniwersal
serişdesi bolýar. Kompýuteriň uniwersallygy indikiden
ybarat, ýagny bir tarapdan, ol ýeke özi dürli görnüşli
maglumaty (multimediýa maglumaty) taýyn edip bilýär,
ikinji tarapdan, şol bir kompýuter bir görnüşli maglumat
bilen bagly işleriň doly spektrini ýerine ýetirip bilýär. Şonuň
üçin kompýuter periferiýa abzallaryň degişli toplumy bilen
bilelikde tehniki multimediýa serişdeleriniň ähli
funksiýalaryny ýerine ýetirmegi üpjün edip bilýär.
“Mutimedia kompýuteri” – bu multimediýa
goşmaçalary özüniň ähli mümkinçiliklerini doly
çärede amala aşyryp bilýän kompýuterydyr.
Multimediýa kompýuteri köp zady edip bilmeli:
monitoryň ekranynda grafiki we wideo maglumaty,
animasiýany görkezmek, ýokary hilli dürli sesleri,
sazy, şol sanda sazly kompakt-disklerden, bolşy ýaly
çykarmak we şuňa meňzeş...
Köplenç “mutimediýa serişdeleri” düşünjesi bilen birleşdirilen düzüji
şaýlaryň toplumyna indikiler girýär:
 · Korpus üpjün ediş abzaly (blok pitaniýa) bilen
 · Ulgam (materinskaýa) platasy
 · Merkezi prosessory
 · Operatiw ýady
 · Wideoadapter
 · Monitor
· Gaty disklerde ýygnaýjy abzaly
· Klawiatura
· Syçanjyk
· Diskowod CD-ROM
· Maýyşgak diskleriň diskowody
· Ses kartasy
 · Diskowod DVD
 · Modem
 · Telewizion we UGT týunery
Ýöne hatda iň döwrebap kompýuter hem programma
üpjünçiligi bolmasa, işlemez.
Multimediýa aýratynlyklary
Multimediýa tehnologiýalary informatikanyň iň perspektiw we
giňden ýaýran ugurlarynyň biridir. Olaryň “düzüminde sesli, wideoly,
we beýleki wizual effektli şekiller, tekstlar we maglumatlar ýygymy,
şol sanda interaktiw interfeýsy we beýleki dolandyrma mehanizmlary
bolan” önümi döretmek üçin maksady bar,
Tehnologiýanyň şübhesiz gymmaty we aýratynlygy, maglumaty
bermekde işjeň ulanylýan indiki multimedia mümkinçilikleri bolýar:
· şekili ýa-da onuň has gyzykly parçalaryny ekranda ulaltma (jikme-jik etme)
mümkinçiligi, kämahal şekiliň hili saklananda, ýigrimi esse ulaltla (“lupa”
režimi). Bu esasanda sungat eserleri we seýrek duş gelýän taryh resminamalary
görkezmek üçin wajyp;
· şekili deňeme we ony ylmy-öwreniş ýa-da öwreniş maksatlary üçin dürli-dürli
programma serişdeleri bilen taýyn etme mümkinçiligi;
· habar beriş ýa-da her bir başga öwreniş (şol sanda wizual) maglumaty
(giperteksty we girepmedia tehnologiýalary) bada-bat kabul edilmegi amala
aşyrylýan tekstly ýa-da başga wizual materially şekilde “gyzgyn sözleri” saýlama
mümkinçiligi;
· statik ýa-da dinamik wizual hataryna laýyk gelýän üznüksiz sazly ýa-da her bir
başga audioly ýerine ýetirme mümkinçiligi;
filmlerdäki wideo parçalary, wideoýazgylary we ş.m., wideoýazgyny kadr boýunça
“seredip geçirme”, “kadry saklama” ýaly funksiýalary ulanma mümkinçiligi;
· internet global ulgamyna birikdirme mümkinçiligi;
· dürli goşmaçalar (tekstly, grafiki we sesli redaktorlar, kartografik maglumaty) bilen
işleme mümkinçiligi;
· önümde berilýän maglumatdan hususy “galereýalary” (göçürmeleri) döretme
mümkinçiligi;
· önümiň ähli düzümine awtomatiki seretme (“slaýd-şou”) ýa-da önüm boýunça
seslendirilen we animirlenen “ýol görkeziji-gidy” döretme (“ulanyjy üçin gürleýän we
görkezýän gollanmasy”); önümiň düzümine maglumat berýän düzüjili oýun
komponentlaryny girizme mümkinçiligi;
· önümiň her bir nokadynda maglumat boýunça ”erkin” nawigasiýa we esasy menýu
(ulaldylan mazmun), doly mazmuna ýa-da programmadan bütinleý çykma
mümkinçiligi.
Multimediýa, gipertekst we gipermediýa ýaly düşünjeleri
bilen berk baglanyşykly.
WWW (bütindünýä kompýuter ulgamy, ulgamda çap edilen
resminamalaryň we multimediýa-gorlarynyň jemi) giň
ýaýramagy sebäpli, gipertekstli tehnologiýany kompýuterde
işleýän hemme adam bilýar, ýa-da hiç bolmanda ony ulanýar.
Gipertekstiň pionerlary diýip, 40-njy ýyllarda Memex
ulgamynyň konsepsiýasyny öňe çykaran Wannewar Buş, şeýle
hem şu tehnologiýanyň üstünde 60-njy ýyllarda işlän Duglas
Engelbart we Teodor Nelson, doly esasda hasap edilýär.
1987-nji ýylda Nelsonyň beren gipertekstiň klassiki düşündirişi - bu
“talap boýunça amala aşyrylýan ýa-da şahalanýan hatyň görnüşi”.
Başgaça aýdaňda, bu “tekstden uly bolan (hypertext)” “liniýaly däl
haty”.
Gipertekstiň has resmi düşündirişi şeýle: gipertekst - bu okajylaryň
liniýaly däl görnüşde erkin geçýän ulgamynda tekstli maglumaty
görkezme.
Emma indiki hem düşündirişi teklip edip bolýar: gipertekst - bu
tekstiň saýlanan parçalarynyň arasynda atanaklaýyn çykgytlar we bir
parçadan başga parça geçme kadalary bellenilýän liniýaly däl teksti
girizme akraly tekstiň milli düşünjesiniň giňeldilmesi.
Gipertekst awtora çykgyt döretmäge (aragatnaşyklary bellemek)
ýol berýär, okajylara bolsa giperteksti haýsy çykgyt
aragatnaşyklaryna we olara haýsy tertipde eýermek
mümkinçiligini berýär. Şeýlelik bilen, gipertekst pikirlenýäniň we
ýazýanyň üstüne goýulýan çäklendirmeleri azaldýar. Ol haýsydyr
bir aýdylan pikir ýazylan pikirleriniň ösüşine degişlidigi ýa-da ol
esasy ugurdan şaha bölünendigi barada bir manyly çözgüdine
mejbur etmeýär.
Gipertekstiň artykmaçlygyna onuň, hereketi kompýuter bilen
goldalýan aragatnaşyklara bolan baýlygy uly goşant goşýar, şol
sebäpli tejribede tekst liniýaly däl bolýar.
Gipertekst multimediýa-maglumatynyň uly we
çylşyrymly çeşmelerine girmek üçin täze
mümkinçilikleri hem teklip edýär. Gipertekstiň
ýörelgelerinde esaslanan dürli görnüşli maglumaty
görkezme tehnologiýasy ýaly, gipermedia düşünjesi
girizilýär. Bir gipermedia-gorynda giperçykgytlar
boýunça geçme mümkinçiligi, şeýle hem dürli görnüşli
maglumaty ulanma artykmaçlyklary utgaşdyrylýar.
Internet ulgamynyň multimediýa gorlary
Ulanyjylaryň köpüsi üçin multimediýa gorlarynyň esasy
çeşmesi Internet bütindünýä kompýuter ulgamy bolýar. Bu
ulgam okuw, şeýle hem tekst bilen başlaýan we çylşyrymly
wideoşekiller bilen gutarýan iň dürli görnüşli maglumatlar bolan
birnäçe beýleki gorlara girmegi ygtyýar berýär. Häzirki wagtda
multimediýa we gipermediýa-tehnologiýalary telearagatnaşyk
tehnologiýalaryndan aýrylmaz bolýar, we bütindünýä ulgamlary
bolsa multimediýa-maglumatynyň uly we gowy düzülen
saklawhanasyna öwrülýär.
Multimediýa bilen bagly ulgam tehnologiýalarynyň iň meşhur we
perspektiwaly serwisleriniň biri, özüne çekiji daşky görnüşinden daşary,
bir-birine atanaklaýyn çykgytlary gurnama mümkinçiligi ýaly
tapawutlandyrýan alamatly gipermedia-gorlarynyň paýlaşdyrylan ulgamy
bolup durýan WWW tehnologiýasydyr. Resminamalara seretmek üçin
ýörite WWW (brauzer) programmany ulanyp, ulgamy ulanyjy, bütindünýä
torunyň giňişligine syýahat edip, bir resminamanyň çykgydyndan beýleki
resminama çykgydyna tiz geçip bilýar.
Kompýuter ulgamlarynda has giňden ýaýran aragatnaşyk tehnologiýasy
we degişli serwisi, adamlaryň arasynda operatiw aragatnaşygyny üpjün
edýän, maglumat habarnamalary işläp taýýarlama we ugratma
tehnologiýasy boldy.
Elektron poçta (E-mail) - bu kompýuter ulgamyna girýän adamlaryň arasyndaky
habarnamalary ugratma we saklama ulgamydyr. Kompýuter ulgamlaryna elektron
poçta arkaly her bir multimedia-maglumatyny (tekstli resminamalar, şekiller, sanly
maglumatlar, ses ýazgylary we ş.m.) geçirip bolýar.
Şular ýaly hyzmat ediş gullugy indikileri amala aşyrýar:
 · resminamalary geçirmeden öň redaktirlamak,
 · resminamalary we habarnamalary saklamak,
 · hatlary iberme,
 · geçirilende ýüze çykýan ýalňyşlary düzetmek we barlamak,
 · almaly adam (adresat) hatlary alandygy barada tassyknamany bermek,
 · multimedia-maglumatyny almak we saklamak,
 · alynan hatlara seretmek.
Kompýuter ulgamlarynyň tehniki serişdeleriniň ösmegi bilen, maglumatlary
geçirme tizligi ulalýar. Munuň özi, ulgama birikdirilen ulanyjylara, diňe tekstly
habarnamalary alyşmaga däl, multimedia-gorlaryny - ses we wideoşekili - uly aralyga
geçirmäge hem ýol berýär. Ulgamyň üstünden aragatnaşygy amala aşyrýan
programmalaryň biri InternetExplorer toplumynyň düzümine girýän NetMeeting
programmasydyr. NetMeeting bu Internet ulgamynyň üstünden göni aragatnaşyk
mümkinçiligini amala aşyrýan multimedia-serişdesi.
Kompýuter ulgamlarynda amala aşyrylan, öwrenme netijeliligini ýokarlandyrma
nukdaýnazaryndan möhüm bolan, multimediýa-maglumatyny awtomatiki gözleme
hyzmat ediş görnüşidir. Ýöriteleşdirilen serişdeleri - maglumat-gözleg ulgamlary
ulanyp, dünýä maglumat çeşmelerinde (Google, Яндекс, Rambler we ş.m.) iň gysga
wagtyň dowamynda gerek bolan maglumatlary we multimediýa-gorlaryny tapyp
bolýar.
Soraglar:
1. Multimedia näme?
2. Multimedia giňişligini näçe topara bölüp bolýar we olar haýsylar?
3. Multimedia komponentleri näçe sany we olar haýsylar?
4. Multimedia programmalaryň interaktiwlilik häsiýeti näme?
5. Multimedianyň görnüşleri?
6. Multimedianyň çyzykly görnüşi?
7. Multimedianyň çyzykly däl görnüşi?
8. Interaktiwlilik we gipermedia näme?
9. Köp gurşawlylyk diýip nämä aýdylýar?
10.Multimedianyň ullanylýan ýerleri?
11.Multimedia bilim pudagynda näme üçin ullanylýar?
12.Wirtual hakykylyk näme?
13.Multimedia kompýuteri we onuň ýerine ýetirýän işi?

Weitere ähnliche Inhalte

Empfohlen

How to Prepare For a Successful Job Search for 2024
How to Prepare For a Successful Job Search for 2024How to Prepare For a Successful Job Search for 2024
How to Prepare For a Successful Job Search for 2024Albert Qian
 
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie Insights
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie InsightsSocial Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie Insights
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie InsightsKurio // The Social Media Age(ncy)
 
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024Search Engine Journal
 
5 Public speaking tips from TED - Visualized summary
5 Public speaking tips from TED - Visualized summary5 Public speaking tips from TED - Visualized summary
5 Public speaking tips from TED - Visualized summarySpeakerHub
 
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd Clark Boyd
 
Getting into the tech field. what next
Getting into the tech field. what next Getting into the tech field. what next
Getting into the tech field. what next Tessa Mero
 
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search Intent
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search IntentGoogle's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search Intent
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search IntentLily Ray
 
Time Management & Productivity - Best Practices
Time Management & Productivity -  Best PracticesTime Management & Productivity -  Best Practices
Time Management & Productivity - Best PracticesVit Horky
 
The six step guide to practical project management
The six step guide to practical project managementThe six step guide to practical project management
The six step guide to practical project managementMindGenius
 
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...RachelPearson36
 
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...Applitools
 
12 Ways to Increase Your Influence at Work
12 Ways to Increase Your Influence at Work12 Ways to Increase Your Influence at Work
12 Ways to Increase Your Influence at WorkGetSmarter
 
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...DevGAMM Conference
 
Barbie - Brand Strategy Presentation
Barbie - Brand Strategy PresentationBarbie - Brand Strategy Presentation
Barbie - Brand Strategy PresentationErica Santiago
 
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them well
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them wellGood Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them well
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them wellSaba Software
 
Introduction to C Programming Language
Introduction to C Programming LanguageIntroduction to C Programming Language
Introduction to C Programming LanguageSimplilearn
 

Empfohlen (20)

How to Prepare For a Successful Job Search for 2024
How to Prepare For a Successful Job Search for 2024How to Prepare For a Successful Job Search for 2024
How to Prepare For a Successful Job Search for 2024
 
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie Insights
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie InsightsSocial Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie Insights
Social Media Marketing Trends 2024 // The Global Indie Insights
 
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024
Trends In Paid Search: Navigating The Digital Landscape In 2024
 
5 Public speaking tips from TED - Visualized summary
5 Public speaking tips from TED - Visualized summary5 Public speaking tips from TED - Visualized summary
5 Public speaking tips from TED - Visualized summary
 
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd
ChatGPT and the Future of Work - Clark Boyd
 
Getting into the tech field. what next
Getting into the tech field. what next Getting into the tech field. what next
Getting into the tech field. what next
 
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search Intent
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search IntentGoogle's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search Intent
Google's Just Not That Into You: Understanding Core Updates & Search Intent
 
How to have difficult conversations
How to have difficult conversations How to have difficult conversations
How to have difficult conversations
 
Introduction to Data Science
Introduction to Data ScienceIntroduction to Data Science
Introduction to Data Science
 
Time Management & Productivity - Best Practices
Time Management & Productivity -  Best PracticesTime Management & Productivity -  Best Practices
Time Management & Productivity - Best Practices
 
The six step guide to practical project management
The six step guide to practical project managementThe six step guide to practical project management
The six step guide to practical project management
 
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...
Beginners Guide to TikTok for Search - Rachel Pearson - We are Tilt __ Bright...
 
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...
Unlocking the Power of ChatGPT and AI in Testing - A Real-World Look, present...
 
12 Ways to Increase Your Influence at Work
12 Ways to Increase Your Influence at Work12 Ways to Increase Your Influence at Work
12 Ways to Increase Your Influence at Work
 
ChatGPT webinar slides
ChatGPT webinar slidesChatGPT webinar slides
ChatGPT webinar slides
 
More than Just Lines on a Map: Best Practices for U.S Bike Routes
More than Just Lines on a Map: Best Practices for U.S Bike RoutesMore than Just Lines on a Map: Best Practices for U.S Bike Routes
More than Just Lines on a Map: Best Practices for U.S Bike Routes
 
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...
Ride the Storm: Navigating Through Unstable Periods / Katerina Rudko (Belka G...
 
Barbie - Brand Strategy Presentation
Barbie - Brand Strategy PresentationBarbie - Brand Strategy Presentation
Barbie - Brand Strategy Presentation
 
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them well
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them wellGood Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them well
Good Stuff Happens in 1:1 Meetings: Why you need them and how to do them well
 
Introduction to C Programming Language
Introduction to C Programming LanguageIntroduction to C Programming Language
Introduction to C Programming Language
 

amaly okuw 1.pptx

  • 1.
  • 2.
  • 3. Multimediýa düşünjesi. “Mutimediýa” terminy ilkinji gezek 1965-nji ýylda döredi we dürli görnüşli we şekilli (slaýdlar, kino, wideo, audio parçalary, yşykly effektler we janly saz) maglumaty görkezmek üçin ulanýan, şol wagt üçin üýtgeşik geň bolan sahnalaşdyrylan tomaşalary (şou) şekillendirmek üçin ýetmişinji ýyllaryň aýaklaryna çenli işjeň ulanyldy. 70-nji ýyllaryň aýaklarynda we 80-nji ýyllaryň başynda multimedia birnäçe proýektorlardan sesli we janly sazly bolýan statiki we dinamiki şekillerinde esaslanan görkezmeler diýip düşünýädiler. “Mutimediýa” terminy (lat. Multum + Medium) türkmen diline “köp gurşawlar” ýaly terjime edip bolýar (kämahal köp ýaýradyjylar ýaly terjime edilýär).
  • 4. Mutimediýa - bu:  dürli görnüşli maglumaty taýyn etme serişdelerini işläp taýýarlamak, işlemek we ulanmak tertibini şekillendirýän tehnologiýasy;  dürli görnüşli maglumaty taýyn etmek we görkezmek tehnologiýalaryň esasynda döredilen maglumat çeşmesi;  işlemegi dürli görnüşli maglumaty görkezmek we taýyn etmek bilen bagly bolan kompýuter programma üpjünçiligi;  dürli görnüşli maglumat bilen işlemesi mümkin bolýan kompýuter apparat üpjünçiligi;  milli statiki wizual (tekst, grafika), şeýle hem dinamiki (söz, saz, wideo parçalar, animasiýa we ş.m.) ýaly dürli görnüşli maglumaty öz içine alýan maglumatyň ýörite jemleýji görnüşi.
  • 5. Şeýlelikde, “mutimediýa” terminy giň manysynda ulanyja (birden hem okaýjy, hem diňleýji, hem tomaşaçy bolan) has netijeli täsir etme maksady bilen dürli programma we tehniki serişdeleri ulanýan maglumat tehnologiýalaryň spektrini aňladýar.
  • 6. Multimedia sözi harpma-harp terjime edilende ulanyja maglumaty ýetirmekligiň köp serişdesi diýmekligi aňladýar. Häzirki günde kompýuterleri multimedia serişdesiz beýle bir wajyp zat hasap edilmeýär. Köp adam şu serişdelere öz durmuşyny ertekä öwürýän serişde hökmünde seredýär. Bu bir çişirilme diýsekde, kä wagt hakykatdanda şeýle bolýar. Multimedia adalgasy kompýuter ulgamyny , onuň grafiki, ses we beýleki informasiýa mümkinçiligini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar. Bu sintez we maglumatlary gaýtadan işlemek häzirki döwürde wagtyň real pursatynda, ýagny ulanyjynyň wagtyny duýarlyk almazdan amala aşyrýar. Multimediýanyň gülläp ösmegi 90-njy ýyllaryň ortalary bolup, Pentium ulgamynda çaltlyk we uly ýat üpjün edilenden soň başlandy, hususanda CD-ROM kompakt disklere uly göwrümli informasiýalary ýazmak we ulanyp bilinmegi boldy.
  • 7. Şol wagta çenli kompýuter serişdesini ylym-bilim, sungat maksatly ulanmak, adaty serişdelere garanyňda göz öňüne getirer ýalyda däldi. Häzirki döwürde welin multimedia serişdesi köp maksat üçin ulanylýar. Hakykaty immitirlemek dialog režimde bolýanlygy düýpli zat. Ulanyjy hemişe programma bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçiligi bar. Islendik pursatda zerur informasiýany sorap alyp bilýär, ony özüne amatly görnüşde özgerdip bilýär, şeýle hem programmadan ulanyjynyň hereketleriniň dogrylygy barada baha alyp bilýär.
  • 8. Multimedianyň ulgamynyň dialog mümkinçiliginiň ösmegi okuw kitaplarynyň, ensiklopediýalaryň, atlaslaryň, žurnallaryň, «janly suratly» we sesli çeper edebiýatlaryň döremegine getirdi. Kompýuter – janly mugallymdan tapawutlylykda okuwçynyň ýalňyşlygyny näçe bolsada çydap düzedip bilýär. Şeýle düzedişleri daşary ýurt dillerini öwrenilende-de, fiziki modellerde ýalňyşlyklary düzetmekde-de ýadamaýar. Köp adam sungat eserlerini döretmekde multimedia serişdesini has gyzykly hasap edýär. Häzirki döwürde täze öwrenje hem kompýuteriň kömegi bilen suratlary, saz eserlerini, şeýle-de wideofilmleriň sýužetini üýtgedip biler.
  • 9. Eýýäm häzirki wagtda kompýuter bir mahal aradan çykan aýdymçynyň sesi we hereketleri bilen häzirki zaman aýdymlary aýdyp bilýär. Munyň özi bolsa hünärmenleriň arasynda, mediasöýüjileriň arasynda uly jedel döredýär. Multimediýa tehnologiýasynyň has giň ýaýran ugry – wirtual hakykylykdyr. Wirtual hakykylyk – ol mümkin däl dünýä barada adamlaryň maglumat almagydyr. Şeýle real däl dünýäniň modelirlenmegi häzirki zaman kompýuterler bilen ýerine ýetirilýär.
  • 10. Kompýuter serişdesi şeýle bir doly görnüşleri, sesleri we beýleki duýgylary emele getirýär welin ulanyjy hakyky dünýäni unudyp, hyýaly dünýä höwesli çümýär. Wirtual hakykylykda erkin gezmelemek, şeýlede şol hakykylyga täsiriň ýetirip bilmeklik aýratyn netijeli bolýar. Sadaja we haýal ýadadýan hyýaly hakykylyk kompýuteriň ekrany arkaly amala aşyrylyp, şol ekranda hem görüp bolýar. Şonda wirtual dünýä täsiriňi ýetirmek we orunňy üýtgetmek adatça synçanyň, djoýstikiň we klawiaturanyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ýörite ýasalan örän gymmat bahaly kellä geýilýän şlem-displeý hyýaly dünýä has çuň we doly aralaşdyryp, ol adamy hakyky dünýäniň täsirinden oňat çetleşdirýär.
  • 11. Multimedia arzanja aralaşmak üçin şekilleri göwrümde görkezýän dürli aýnaly äýnekleri ulanmak bolar. Ýöne şeýle usul reňkleriň gammasyny berenok. Hyýaly wirtual dünýä aralaşmagyň goşmaça serişdesi – ol hem ýörite informasion ellikdir. Ol wirtual dünýäniň jisimlerini «elläp» görmäge mümkinçilik döredýär. Şonda amatly bolar ýaly kompýuteri dolandyrmakda adaty klawiaturanyň ýerine ulanyjy bir ele niýetlenen ýörite pulty ulanýar. Şeýle serişdeler real dünýäde senden gaty daşdaky adamy elläp görmäge mümkinçilik berýär.
  • 12. Häzirki döwürde öňdebaryjy firmalar adam interfeýsli kompýuteri döretmäge has berk tijenýärler. Oňa şeýle düşünilýär, ýagny kompýuter adamyň ahli duýgyr beden agzalaryna eýe bolmaly, şeýlede şol beden agzalaryna täsir edip bilmeli. Häzirki zaman kompýuter ulgamlary köplenç ýagdaýda şekilleri we sesleri oňat seljerýär hem-de sintezleýär. Çünki onuň eşidişi we görüşi otnositel derejededir. Kompýuter syçany we beýleki gurluşlar baglaşdyryjy immitasiýa hasap etmek bolar. Ýakyn gelejekdäki ýyllarda şahsy kompýuterler yslar we mehanizmi ysa golaý bolan tagam duýujylyk başarnygy bolar diýip çak edilýär.
  • 13. Ýöne köp düzüjilerden ybarat bolan multimedia giňişligini üç topara bölmek maksada laýyk bolardy. Olar audio, wideo, tekst informasiýasydyr. “Multimedia” düşünjesi golaý wagtyň dowamynda peýda bolup, şu günki günde takyk kesgitlemesine eýe bolmady. Bu düşünjäniň esasy manysy – bu düşünmekligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen maglumaty beýan etmekliginiň dürli görnüşlerini ulanmakdyr. Ondan başga-da, bu düşünjäniň düzümine ulanyjynyň maglumaty diňe adaty passiw gözden geçirmeklik däl-de, eýsem ulanyjynyň maglumat akymyny dolandyrmak mümkinçiligi hem degişlidir.
  • 14. Maglumatyň “multimedia” görnüşli beýan edilişini häsiýetlendirýän 6 sany komponentler tapawutlandyrylýar.
  • 15. Adaty çeper filmlerde hem bu serişdeleriň ählisi ulanylýar. Emma, kompýuter multimedia-programmasy iki sany görkeziji boýunça tapawutlanýar. Ulanyjynyň maglumat akymyny dolandyrmaklyga mümkinçiligi bar – obýektleriň kompýuter monitorynda beýan ediliş we hereket ediş kadalaryny saýlap bilýär. Bu amallary çeper filmler seredilende ýerine ýetirip bolmaýar. Multimedia programmalaryň bu häsiýeti interaktiwlilik (iňlis “interaction” – özara baglanyşyk) diýip atlandyrylýar. Ondan başga-da, çeper filmi döretmek üçin kompýuter programmasyny döretmekden has köp maddy serişdeler sarp edilýär. Bu hem örän wajyp görekezijidir. Multimedianyň iki görnüşi bar: çyzykly we çyzykly däl.
  • 16. Çyzykly beýan edilişiň mysaly bolup dürli görnüşli filmler hyzmat edýär. Bular ýaly resminamalary gözden geçirýän adam onuň netijesine hiç hili täsir edip bilmeýär. Maglumatlary beýan etmekligiň çyzykly däl görnüşi maglumaty beýan etmek prosesine gatnaşmaklyga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçiligi ulanmak üçin ulanyjy multimedia görnüşli berlenleri beýan etmekligiň serişdelerini ulanmaly bolýar. Ulanyjynyň multimedia berlenleri beýan etmek prosesine gatnaşmaklyga hem interaktiwlilik diýilýär. Kompýuteriň we ulanyjynyň arabaglanyşygynyň bular ýaly görnüşi kompýuter oýunlarynda has aýdyň beýan edilýär. Multimedia berlenleri beýan etmekliginiň çyzykly däl görnüşi gipermedia diýip atlandyrylýar.
  • 17. Maglumatlaryň çyzykly we çyzykly däl beýan edilişiň mysaly hökmünde prezentasiýany görkezmek bolýar. Eger prezentasiýa ýazga düşürilen we köpçülikde görkezilýän bolsa, berlenleri beýan etmekligiň bu görnüşinde diňleýjiler görkezişe täsir edip bilmeýärler. Hakyky wagtyň dowamyndaky (janly) prezentasiýada bolsa, diňleýjiler gyzyklandyrýan temalar barada soraglary berip, gürrüň berýän adam bilen arabaglanyşyk saklap bilýärler. Şeýlelikde, janly prezentasiýa maglumatlary beýan etmekliginiň çyzykly däl (interaktiw) usuly hökmünde ulanylyp bilner.
  • 18. Multimedianyň ulanylýan ýerleri. 1. Kompýter tilsimatyny ulanyp bilim almak (Ýörite derňewler arkaly subut edilen, ýagny eşidilen maglumatlardan diňe dörtden bir bölegi ýatda galyar, görülenlerden – üçden bir bölegi, hem görülen we hem eşidilen maglumatlaryň bileliginde – 50%, emma okuwçyny okuw prosessine multimedia goşmaçalarynyň kömegi bilen höweslendirseň – 75%). 2. Informasion reklama gullugy. 3. Oýunlar, wirtual hakykadyň ulgamlary. Multimedia tilsimatyny iki sany esasy komponentler düzýär – apparat we programma. Multimedia programmalary köp ugurlarda ulanylýar adam işjeňligi.
  • 19.  Bilim - metbugat bilimi (wirtual uniwersitetler, distansion okuw ulgamy (DL), kurslar). • Senagat (awiasiýa, awtoulag, gämi gurluşygy, kibernetika we ş.m.), esasanam mehaniki we awtoulag pudagynda, multimediýa ilkinji nobatda dizaýn etabynda ulanylýar. Bu, meselem, inereneriň önümi dürli nukdaýnazardan görmegine, önümçilige başlamazdan ozal beýleki manipulýasiýalary ýerine ýetirmegine (kompýuter kömegi bilen dizaýn) mümkinçilik berýär.  Ykdysadyýet (dolandyryş ulgamlary). • Lukmançylyk (anyklaýyş, bejermek) multimediýasy hirurglary taýýarlamakda (wirtual hirurgiýa) ulanylýar. • Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (wirtual studiýa, sanly we analog telewideniýe, radio, teletext, internet). • Söwda (mahabat, wirtual kärhanalar, kiosklar we supermarketler). Multimedia tehnologiýasynyň mümkinçilikleri tükeniksiz. Işewürlik programmalarynda multimediýa esasan okuw we prezentasiýa üçin ulanylýar. Işewürlikde satuw firmasy gozgalmaýan emläkler satlyk jaýlaryň kataloglaryny döretmek üçin eýýäm multimediýa tehnologiýasyny ulanýarlar.
  • 20.  Harby nyşanalar (kosmos, awiasiýa, gämiler, tanklar, ştab-kwartiralar we simulýatorlar). Tehnologiki multimediýa harbylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýlelik bilen, Pentagon ähli ýarag ulgamlary üçin ähli tehniki, amaly we okuw resminamalaryny interaktiw wideo disklere geçirmek, şeýle diskleriň esasynda simulýatorlary döretmek we köpçülikleýin ulanmak programmasyny durmuşa geçirýär. • Ylym (dürli prosesleriň modelleri). • Medeniýet we sungat (kino, muzeýler, wirtual adamlar we zatlar, ensiklopediýalar). Sungatda multimediýanyň iň görnükli mysallary filmlerde, kompýuter animasiýasynda we 3D grafikada aýratyn täsirlerdir. Oýunlar (güýmenje, dynç alyş, syýahatçylyk, tanyşlyk). • Sahypany ösdürmek, iň meşhur ulanyş ugry
  • 21. Mutimediýa serişdeleri Multimediýa serişdeleriniň kesgitlenmegine görnüş taýdan çemeleşme bu hakykatda, dürli görnüşli maglumatyň işiniň başga görnüşlerini hem öwrenmä getirip bilýän her bir serişdeler bolup biler. Şu ýagdaýda multimedia serişdeleriniň düşünjesine milli bolan könelýän meňzeş (analog) serişdeleri hem girip bilýär.
  • 22. Emma esasan hem multimediýa serişdelerine kompýuterlar we olaryň degişli periferiýa enjamlary degişli edilýär. Kompýuter bu maglumaty taýyn etme boýunça uniwersal serişdesi bolýar. Kompýuteriň uniwersallygy indikiden ybarat, ýagny bir tarapdan, ol ýeke özi dürli görnüşli maglumaty (multimediýa maglumaty) taýyn edip bilýär, ikinji tarapdan, şol bir kompýuter bir görnüşli maglumat bilen bagly işleriň doly spektrini ýerine ýetirip bilýär. Şonuň üçin kompýuter periferiýa abzallaryň degişli toplumy bilen bilelikde tehniki multimediýa serişdeleriniň ähli funksiýalaryny ýerine ýetirmegi üpjün edip bilýär.
  • 23. “Mutimedia kompýuteri” – bu multimediýa goşmaçalary özüniň ähli mümkinçiliklerini doly çärede amala aşyryp bilýän kompýuterydyr. Multimediýa kompýuteri köp zady edip bilmeli: monitoryň ekranynda grafiki we wideo maglumaty, animasiýany görkezmek, ýokary hilli dürli sesleri, sazy, şol sanda sazly kompakt-disklerden, bolşy ýaly çykarmak we şuňa meňzeş...
  • 24. Köplenç “mutimediýa serişdeleri” düşünjesi bilen birleşdirilen düzüji şaýlaryň toplumyna indikiler girýär:  · Korpus üpjün ediş abzaly (blok pitaniýa) bilen  · Ulgam (materinskaýa) platasy  · Merkezi prosessory  · Operatiw ýady  · Wideoadapter  · Monitor · Gaty disklerde ýygnaýjy abzaly · Klawiatura · Syçanjyk
  • 25. · Diskowod CD-ROM · Maýyşgak diskleriň diskowody · Ses kartasy  · Diskowod DVD  · Modem  · Telewizion we UGT týunery Ýöne hatda iň döwrebap kompýuter hem programma üpjünçiligi bolmasa, işlemez.
  • 26. Multimediýa aýratynlyklary Multimediýa tehnologiýalary informatikanyň iň perspektiw we giňden ýaýran ugurlarynyň biridir. Olaryň “düzüminde sesli, wideoly, we beýleki wizual effektli şekiller, tekstlar we maglumatlar ýygymy, şol sanda interaktiw interfeýsy we beýleki dolandyrma mehanizmlary bolan” önümi döretmek üçin maksady bar, Tehnologiýanyň şübhesiz gymmaty we aýratynlygy, maglumaty bermekde işjeň ulanylýan indiki multimedia mümkinçilikleri bolýar:
  • 27. · şekili ýa-da onuň has gyzykly parçalaryny ekranda ulaltma (jikme-jik etme) mümkinçiligi, kämahal şekiliň hili saklananda, ýigrimi esse ulaltla (“lupa” režimi). Bu esasanda sungat eserleri we seýrek duş gelýän taryh resminamalary görkezmek üçin wajyp; · şekili deňeme we ony ylmy-öwreniş ýa-da öwreniş maksatlary üçin dürli-dürli programma serişdeleri bilen taýyn etme mümkinçiligi; · habar beriş ýa-da her bir başga öwreniş (şol sanda wizual) maglumaty (giperteksty we girepmedia tehnologiýalary) bada-bat kabul edilmegi amala aşyrylýan tekstly ýa-da başga wizual materially şekilde “gyzgyn sözleri” saýlama mümkinçiligi; · statik ýa-da dinamik wizual hataryna laýyk gelýän üznüksiz sazly ýa-da her bir başga audioly ýerine ýetirme mümkinçiligi;
  • 28. filmlerdäki wideo parçalary, wideoýazgylary we ş.m., wideoýazgyny kadr boýunça “seredip geçirme”, “kadry saklama” ýaly funksiýalary ulanma mümkinçiligi; · internet global ulgamyna birikdirme mümkinçiligi; · dürli goşmaçalar (tekstly, grafiki we sesli redaktorlar, kartografik maglumaty) bilen işleme mümkinçiligi; · önümde berilýän maglumatdan hususy “galereýalary” (göçürmeleri) döretme mümkinçiligi; · önümiň ähli düzümine awtomatiki seretme (“slaýd-şou”) ýa-da önüm boýunça seslendirilen we animirlenen “ýol görkeziji-gidy” döretme (“ulanyjy üçin gürleýän we görkezýän gollanmasy”); önümiň düzümine maglumat berýän düzüjili oýun komponentlaryny girizme mümkinçiligi; · önümiň her bir nokadynda maglumat boýunça ”erkin” nawigasiýa we esasy menýu (ulaldylan mazmun), doly mazmuna ýa-da programmadan bütinleý çykma mümkinçiligi.
  • 29. Multimediýa, gipertekst we gipermediýa ýaly düşünjeleri bilen berk baglanyşykly. WWW (bütindünýä kompýuter ulgamy, ulgamda çap edilen resminamalaryň we multimediýa-gorlarynyň jemi) giň ýaýramagy sebäpli, gipertekstli tehnologiýany kompýuterde işleýän hemme adam bilýar, ýa-da hiç bolmanda ony ulanýar. Gipertekstiň pionerlary diýip, 40-njy ýyllarda Memex ulgamynyň konsepsiýasyny öňe çykaran Wannewar Buş, şeýle hem şu tehnologiýanyň üstünde 60-njy ýyllarda işlän Duglas Engelbart we Teodor Nelson, doly esasda hasap edilýär.
  • 30. 1987-nji ýylda Nelsonyň beren gipertekstiň klassiki düşündirişi - bu “talap boýunça amala aşyrylýan ýa-da şahalanýan hatyň görnüşi”. Başgaça aýdaňda, bu “tekstden uly bolan (hypertext)” “liniýaly däl haty”. Gipertekstiň has resmi düşündirişi şeýle: gipertekst - bu okajylaryň liniýaly däl görnüşde erkin geçýän ulgamynda tekstli maglumaty görkezme. Emma indiki hem düşündirişi teklip edip bolýar: gipertekst - bu tekstiň saýlanan parçalarynyň arasynda atanaklaýyn çykgytlar we bir parçadan başga parça geçme kadalary bellenilýän liniýaly däl teksti girizme akraly tekstiň milli düşünjesiniň giňeldilmesi.
  • 31. Gipertekst awtora çykgyt döretmäge (aragatnaşyklary bellemek) ýol berýär, okajylara bolsa giperteksti haýsy çykgyt aragatnaşyklaryna we olara haýsy tertipde eýermek mümkinçiligini berýär. Şeýlelik bilen, gipertekst pikirlenýäniň we ýazýanyň üstüne goýulýan çäklendirmeleri azaldýar. Ol haýsydyr bir aýdylan pikir ýazylan pikirleriniň ösüşine degişlidigi ýa-da ol esasy ugurdan şaha bölünendigi barada bir manyly çözgüdine mejbur etmeýär. Gipertekstiň artykmaçlygyna onuň, hereketi kompýuter bilen goldalýan aragatnaşyklara bolan baýlygy uly goşant goşýar, şol sebäpli tejribede tekst liniýaly däl bolýar.
  • 32. Gipertekst multimediýa-maglumatynyň uly we çylşyrymly çeşmelerine girmek üçin täze mümkinçilikleri hem teklip edýär. Gipertekstiň ýörelgelerinde esaslanan dürli görnüşli maglumaty görkezme tehnologiýasy ýaly, gipermedia düşünjesi girizilýär. Bir gipermedia-gorynda giperçykgytlar boýunça geçme mümkinçiligi, şeýle hem dürli görnüşli maglumaty ulanma artykmaçlyklary utgaşdyrylýar.
  • 33. Internet ulgamynyň multimediýa gorlary Ulanyjylaryň köpüsi üçin multimediýa gorlarynyň esasy çeşmesi Internet bütindünýä kompýuter ulgamy bolýar. Bu ulgam okuw, şeýle hem tekst bilen başlaýan we çylşyrymly wideoşekiller bilen gutarýan iň dürli görnüşli maglumatlar bolan birnäçe beýleki gorlara girmegi ygtyýar berýär. Häzirki wagtda multimediýa we gipermediýa-tehnologiýalary telearagatnaşyk tehnologiýalaryndan aýrylmaz bolýar, we bütindünýä ulgamlary bolsa multimediýa-maglumatynyň uly we gowy düzülen saklawhanasyna öwrülýär.
  • 34. Multimediýa bilen bagly ulgam tehnologiýalarynyň iň meşhur we perspektiwaly serwisleriniň biri, özüne çekiji daşky görnüşinden daşary, bir-birine atanaklaýyn çykgytlary gurnama mümkinçiligi ýaly tapawutlandyrýan alamatly gipermedia-gorlarynyň paýlaşdyrylan ulgamy bolup durýan WWW tehnologiýasydyr. Resminamalara seretmek üçin ýörite WWW (brauzer) programmany ulanyp, ulgamy ulanyjy, bütindünýä torunyň giňişligine syýahat edip, bir resminamanyň çykgydyndan beýleki resminama çykgydyna tiz geçip bilýar. Kompýuter ulgamlarynda has giňden ýaýran aragatnaşyk tehnologiýasy we degişli serwisi, adamlaryň arasynda operatiw aragatnaşygyny üpjün edýän, maglumat habarnamalary işläp taýýarlama we ugratma tehnologiýasy boldy.
  • 35. Elektron poçta (E-mail) - bu kompýuter ulgamyna girýän adamlaryň arasyndaky habarnamalary ugratma we saklama ulgamydyr. Kompýuter ulgamlaryna elektron poçta arkaly her bir multimedia-maglumatyny (tekstli resminamalar, şekiller, sanly maglumatlar, ses ýazgylary we ş.m.) geçirip bolýar. Şular ýaly hyzmat ediş gullugy indikileri amala aşyrýar:  · resminamalary geçirmeden öň redaktirlamak,  · resminamalary we habarnamalary saklamak,  · hatlary iberme,  · geçirilende ýüze çykýan ýalňyşlary düzetmek we barlamak,  · almaly adam (adresat) hatlary alandygy barada tassyknamany bermek,  · multimedia-maglumatyny almak we saklamak,  · alynan hatlara seretmek.
  • 36. Kompýuter ulgamlarynyň tehniki serişdeleriniň ösmegi bilen, maglumatlary geçirme tizligi ulalýar. Munuň özi, ulgama birikdirilen ulanyjylara, diňe tekstly habarnamalary alyşmaga däl, multimedia-gorlaryny - ses we wideoşekili - uly aralyga geçirmäge hem ýol berýär. Ulgamyň üstünden aragatnaşygy amala aşyrýan programmalaryň biri InternetExplorer toplumynyň düzümine girýän NetMeeting programmasydyr. NetMeeting bu Internet ulgamynyň üstünden göni aragatnaşyk mümkinçiligini amala aşyrýan multimedia-serişdesi. Kompýuter ulgamlarynda amala aşyrylan, öwrenme netijeliligini ýokarlandyrma nukdaýnazaryndan möhüm bolan, multimediýa-maglumatyny awtomatiki gözleme hyzmat ediş görnüşidir. Ýöriteleşdirilen serişdeleri - maglumat-gözleg ulgamlary ulanyp, dünýä maglumat çeşmelerinde (Google, Яндекс, Rambler we ş.m.) iň gysga wagtyň dowamynda gerek bolan maglumatlary we multimediýa-gorlaryny tapyp bolýar.
  • 37. Soraglar: 1. Multimedia näme? 2. Multimedia giňişligini näçe topara bölüp bolýar we olar haýsylar? 3. Multimedia komponentleri näçe sany we olar haýsylar? 4. Multimedia programmalaryň interaktiwlilik häsiýeti näme? 5. Multimedianyň görnüşleri? 6. Multimedianyň çyzykly görnüşi? 7. Multimedianyň çyzykly däl görnüşi? 8. Interaktiwlilik we gipermedia näme? 9. Köp gurşawlylyk diýip nämä aýdylýar? 10.Multimedianyň ullanylýan ýerleri? 11.Multimedia bilim pudagynda näme üçin ullanylýar? 12.Wirtual hakykylyk näme? 13.Multimedia kompýuteri we onuň ýerine ýetirýän işi?